“Sebitimiziň Gan Kölüne Öwrülmegine Rugsat Bermeris”

“Sebitimiziň Gan Kölüne Öwrülmegine Rugsat Bermeris”

Prezident R. T. Erdogan “Sebitimiziň gan kölüne öwrülmegine rugsat bermeris”diýdi.

Prezident Erdogan, Ýokary harby şuranyň agzalary bilen birlikde Prezidentiň Kompleksinde geçirilýän maslahatyň öňüsyrasynda Atatürkiň aramgähine bardy.

Prezident Erdogan bilen Ýokary harby şuranyň agzalary Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýup, hormatly dymyşlyk etdi we döwlet senasyny ýerine ýetirdi.

Prezident Erdogan aramgähiň ýörite depderine: “Türkiýe, dünýäde näbelligiň artýan, sebitimizde çaknyşyklaryň we syýasy kast edilşikleriň başdan geçirilýän döwründe sebitinde durnuklygy we asudalygy bilen ünsleri özüne çekýär.Dartgynlygyň barha möwjeýändigi sebäpli degişli çäreleri görüp, watanymyzy, halkymyzy, döwletimizi we milli bähbitlerimizi goramakda asla egilşik etmeris.

Sebitimizi gan kölüne öwürmek isleýänlere rugsat bermeris. Öz raýatlarymyz bilen birlikde dostlarymyzyň hem howpsuzlygyny üpjün etmäge dowam ederis” diýip ýazdy.

Ýene degişli makalalar

“Royal Palace” Ýewropa 7 günlük syýahat aksiýasyny hödürleýär
Prezident Erdogan Ysraýylyň premýer ministriniň ABŞ-nyň kongresindäki çykyşy barada beýannama berdi
Ýusuf Akçura
Simurg söwda tory Türkmenistanda garaşaryna söwda etmek mümkinçiligini ýetirýär
Türkiye şu ýylyň ilkinji 6 aýynda syýahatçylykdan 23,7 milliard dollar girdeji aldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny