SEEMOUS-2018 bäsleşiginde talyplar matematika topary medallaryň 7-sini eýeledi

Türkmen talyplary 26-njy fewraldan 4-nji mart aralygynda Rumyniýanyň Ýassy şäherinde geçirilen Halkara Günorta-Gündogar Ýewropa SEEMOUS-2018 matematika olimpiadasynda medallaryň ýedisini eýelediler.

Dünýä ýurtlarynyň ençemesinden, şol sanda Argentinadan, Russiýadan, Gresiýadan, Kiprden, Çehiýadan, Bolgariýadan, Belarusdan, Makedoniýadan, Rumyniýadan we Türkmenistandan talyp ýaşlaryň ýüzden gowragy abraýly aň-paýhas bäsleşigine gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň dördüsiniň—Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, energetika we oba hojalyk institutlarynyň talyplary çykyş etdiler.

HYYweÖU-nyň birinji ýyl talyby Perman Iljanow, TDU-nyň talyplary--Myrat Çäşemow bilen Bagtyýar Remezanow, şeýle hem TDEI-niň üçünji ýyl taslyby Mekan Hojaýew dagy kümüş medala mynasyp boldular. TOHI-niň 3-nji ýyl talyby Azat Amangeldiýew we TDU-nyň wekilleri- Döwran Nurgeldiýew hem-de Hamitbek Hajyýew bürünç baýrak eýelediler.

Türkmen toparyny halkara olimpiadasyna HYYweÖU-nyň we TDU-nyň mugallymlary degişlilikde Pirmyrat Gurbanow bilen Pälwan Agamyradow dagy taýýarladylar.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde olimpiada gatnaşanlar Ýassy şäheriniň taryhy-medeni gözellikleri bilen tanyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly we daşary ýurtly talyplar halkara matematika olimpidasyna çagyrylýar
Talyplar ýygyndy toparymyzyň agzalary Ariel matematika olimpiadasynda dürli derejeli medallary eýelediler
“11 aýyň soltany” häsýetlendirilýän Remezan aýy başlady
Türkmenistanly talyplaryň arasynda filosofiýa boýunça geçirilen onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde şu ýyl 48 sany magistrant uçurym bolar
05.05.2017 • HYYweÖU-niň topary F.F. Martens adyndaky bäsleşige gatnaşanlygy üçin ýörüte diploma mynasyp boldy ...