Sekiz sany türkmen kompaniýasy Italiýada geçirilýän Macfrut 2024 sergisine gatnaşýar

Sekiz sany türkmen kompaniýasy Italiýada geçirilýän Macfrut 2024 sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň 8 sany hususy kompaniýasy 8-10-njy maý aralygynda Italiýanyň Rumini sergi merkezinde geçirilýän Macfrut 2024 halkara sergisine gatnaşýar.

HHM-iň habar bermegine görä, bu halkara sergi miwe we gök önümler pudagyna bagyşlanýar.

Türkmen kompaniýalary bu sergä USAID-iň Merkezi Aziýada söwda (TCA) maksatnamasy tarapyndan berilýän goldaw esasynda gatnaşýarlar.

Sergä gatnaşýan türkmen kompaniýalarynyň arasynda ter pomidorlary öndürmeklige ýöriteleşen Ýigit HJ we Arkadaş Gurluşyk HK, ýertudanalary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan Hilli Gaplama HK, guradylan miweleri öndürýän Shaylan HK we beýlekiler bar.

Çeşmäniň habaryna görä, türkmen kompaniýalarynyň serginiň çäginde birnäçe hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekmeklerine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Hilli Rowachpack gaplary — harydyňyzyň ygtybarly goragy
Türkmen telekeçileri öz önümlerini Italiýada geçirilýän azyk sergisinde görkezýärler
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Röwşen aýakgap kärhanasy önümlerini Moskwada geçýän Euro Shoes sergisinde tanyşdyrýar
Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy önümçiligini artdyrýar
Rowachlan Galkynysh polipropilen gaplaýyş önümleriniň eksportyny artdyrýar