Senegalda başdan geçirilen ulag heläkçiliginde köp sanda adam ýogaldy

Senegalda başdan geçirilen ulag heläkçiliginde köp sanda adam ýogaldy

Ýurduň Milli Ýangyn söndürijiler gullugyndan berilen ýazmaça beýanata görä, ülkäniň paýtagty Dakar şäherinden 250 km uzaklykda ýerleşýän Kaffrine şäheriniň golaýynda 2 awtobus çakyşdy.

Ulag heläkçiliginde ilkinji kesgitlemelere görä 38 adam ýogaldy, 78 adam ýaralandy.

Ýurduň Prezidenti Maki Sall Twitter hasabyndan beren beýanatynda, ýogalan adamlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi.

Maki Sall ulag heläkçiliginde ýogalanlar üçin şu günden başlap 3 günlük milli ýas yglan edilendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk Taekwondoçylary 3 Medal Aldy
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Senegaldaky ýol-ulag hadysasynda kyrk adam pida boldy
Türkmenistan rus ununy import edýän ilkinji 5-lige girdi
Türkiye Senegala gynanç bildirdi