Şentop Terrora Garşy Göreşde Halkara Hyzmatdaşlyga Ünsi Çekdi

Şentop Terrora Garşy Göreşde Halkara Hyzmatdaşlyga Ünsi Çekdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, terrora garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.

Mustafa Şentop, Antalýada 27 ýurtdan parlamentarlaryň gatnaşmagynda geçirilýän Aziýa Parlamentarlar Assambleýasynyň (APA)13-nji maslahatynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Terrora garşy tutanýerli göreşiň möhümdigini nygtan Şentop, “Terrora garşy göreşde maksadymyza ýetmek üçin halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edilmegi diýseň möhüm. Ýurdumyz, sebitara we halkara derejesinde öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirip PKK/PÝD/ÝPG, Fetullahçy terror guramasy FETÖ we DAEŞ-iň başda durmagynda ähli terror guramalaryna garşy tutanýerli göreş alyp barýar” diýdi.

BMG-nyň adalatsyz ulgamyna üýtgetme girizilmelidigini nygtan Şentop, “Gadyrly myhmanlarymyz sizden “Dünýä bäşde uludyr” ýörelgämize goldaw bermegiňize garaşýarys”diýip belledi.

Aziýa Parlamentarlar Assambleýasynyň Baş sekretary Mohammad Reza Mažidi hem “Türkiýe, APA-nyň ähli agzalary bilen parlamentar diplomatiýanyň ösmegine uly goşant goşdy” diýdi.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa hem TBMM-niň APA-nyň durmuşa geçirýän işlerine uly goşant goşýandygyny we köptaraplylyk meselesinde görelde alarlyk ýurtdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrora garşy göreşde soňky bir hepdede 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
ABŞ-nyň Terrorizme Garşy Göreş Boýunça Resmisi Şu Gün Türkiýä Geler
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär