Sentýabr II hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $90 milliondan geçdi

Sentýabr II hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $90 milliondan geçdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) 11-16-nji sentýabr aralygynda geçirilen söwdalaryň möçberi 90 million 50 müň 200 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

BAE-den, Singapurdan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Owganystandan we Şweýsariýadan gelen telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, arassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli ýakyş mazudyny, polipropileni, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem TDHÇMB-da daşary ýurt puluna dürli görnüşli dokma önümleri satyldy.

Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 171 million 856 müň manatlyk polipropileni we tehniki ýody satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Türkmenistan Puma we Walmart üçin dokma önümlerini iberýändigini aýdýar. Ol önümler üçin çig mal bolan pagta mejbury zähmeti ulanmak bilen ýygnalýar.
Birža söwdalarynda 37 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Türkmenistanda köp çagaly eneleriň 253 sanysyna “Ene mähri” diýen at dakyldy
Mejbury zähmetde tankytlanýan Türkmenistan Puma we Walmart üçin dokma önümlerini iberýändigini öňe sürýär
Harby, hukuk goraýjy edaralarda 'ýiti işgär ýetmezçiligi' döreýär - çeşmeler