Serdar Berdimuhamedow Ärdogany doglan güni bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Ärdogany doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär.

— Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Biz emele gelen ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris we bu hyzmatdaşlygyň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, dostlukly ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Belläp geçsek, Rejep Taýyp Ärdogan 1954-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkiýäniň Stambul şäherinde dünýä indi. Ol 2014-nji ýylyň 28-nji awgustyndan bäri Türkiýäniň döwlet Baştutanydyr.

Ýene degişli makalalar

Türk raýatlary türkmen aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny soraýar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň söwda ministri bilen duşuşyk geçirdi
TDG-niň Aksakgallar geňeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy Budapeştde boljak mejlise çagyrdy
Ärdogan Niderlandlar bilen Türkiýäniň arasyndaky oýuna tomaşa eder
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi
Ärdogan saglygy goraýyş we şäher gurluşygy ministlerini çalyşdy