Serdar Berdimuhamedow Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Serdar Berdimuhamedow Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasy boldy. Bu dabara türk tarapynyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Türkiýe Respublikasyna ugramak üçin Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen söhbetdeş boldy.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow howa menzilinden Türkiýe Respublikasyna tarap ugrady.

Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Ankara şäheriniň Esenboga Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany Rejep Taýyp Ärdogany Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow doganlyk döwletiň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türk Lideriniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy maksat edinýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türk raýatlary türkmen aýallarynyň Türkmenistandan çykarylmagyny soraýar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň söwda ministri bilen duşuşyk geçirdi
TDG-niň Aksakgallar geňeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy Budapeştde boljak mejlise çagyrdy
Ärdogan Pezeşkiýan saýlawlarda üstün çykandan soňra Eýran bilen gatnaşyklaryň işjeňleşmegine garaşýar
Ärdogan Niderlandlar bilen Türkiýäniň arasyndaky oýuna tomaşa eder
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi