Serdar Berdimuhamedow ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Serdar Berdimuhamedow ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşmagynyň öňüsyrasynda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy. Bu barada ''Türkmenistan'' gazeti habar berýär.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda gurluşygy tamamlanan, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana bardy.

Türkmenistanyň Prezidentini bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow mähirli garşyladylar.

Wise-premýer T.Atahallyýew gurluşygy tamamlanan 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen athanada ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Häzirki zaman athananyň umumy eýeleýän meýdany 15,4 gektar bolup, onuň düzüminde:

-- dolandyryş binasy; -- bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin hemme zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinariýa binalary; -- höwür atlaryň 40-sy üçin niýetlenen bir sany athana; -- höwür atlaryň 60-sy üçin bir sany athana; -- atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si; -- atlaryň 88-sine niýetlenen athanalaryň 5-si; -- iým üçin ýapyk ammar we beýleki degişli desgalar bina edildi.

Desgalaryň binagärlik keşbinde öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, milli binagärligiň ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdiler.

Häzirki wagtda ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, olary çapyşyklara taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Soňra Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew bu ýokary okuw mekdebinde ýurduň atçylyk pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň ähli döwürlerde-de türkmen halkynyň wepaly syrdaşy, şöhratly taryhynyň bezegi bolup gelendigini belledi hem-de täze taryhy eýýamda milli atşynaslyk däplerini saklamak we dowam etdirmek, bu gadymy sungaty has-da ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň okuwlaryny täze athananyň işi bilen utgaşykly alyp barmaklary, ýaşlaryň bedewleriň arasynda ýygy-ýygydan bolup, atşynaslygyň milli hem-de häzirki zaman tejribelerini özleşdirmekleri bilen baglanyşykly meselelere üns bermelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Wise-premýer T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna gurluşygy tamamlanan 600 baş bedewe niýetlenen athananyň açylyş dabarasyna ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýeriň haýyşyny kanagatlandyryp, täze athana toplumynyň açylyş dabarasynyň ýurtda giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen bilelikde guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutany täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
Gurbanguly Berdimuhamedow täze doglan taýa Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Şahyr adyny dakdy
Türkmenistan we Gazagystan atçylyk sporty pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Russiýa Federasiýasynyň çägine haryt girizmek üçin “Dogruçyl belgi” kanuny güýje girdi
Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçiriler