Serdar Berdimuhamedow “Altkom”, “Interbudmontaž” we “Ýugneftegaz” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Serdar Berdimuhamedow “Altkom”, “Interbudmontaž” we “Ýugneftegaz” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolmagynyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko, Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk we “Ýugneftegaz” kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiý bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. bar.

“Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda ulag ulgamyny ösdürmek boýunça bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesi göz öňünde tutulyp, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.

Döwlet Baştutany Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygynyň dowamynda Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň konsepsiýasynyň bilelikde ýakyndan işlemegi dowam etmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtap, türkmen tarapynyň bildirýän hemişelik talaplaryna ünsi çekdi. Şolaryň esasylary gurlanda täzeçil inženerçilik-tehniki çözgütleriň ulanylmagy zerur bolan desgalaryň gurluşygynyň ýerine ýetirilmeli möhletiniň we hiliniň berk berjaý edilmeginden ybaratdyr.

“Ýugneftegaz” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý bilen söhbetdeşligiň çäklerinde ýurdumyzda nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan ugurdaş taslamalar we maksatnamalar bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlaryna, şol sanda seýsmologiýada öz ähli tejribesini we mümkinçiligini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi
10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
Aşgabadyň gününe bagyşlanan halkara sergide şähergurluşygynyň iň täze gazananlary görkezildi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly işewürler bilen duşuşyklary geçirdi
Ukrain kompaniýalary Türkmenistanda iri taslamalara gatnaşmaga taýýar