Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi doglan güni bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, Türkmenistan gazeti öz täzeliklerinde belleýär.

Gutlagda, hususan-da, şeýle diýilýär:

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýlan oňyn hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirilýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezident BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş 1949-nji ýylyň 30-njy aprelinde Portugaliýanyň Lissabon şäherinde dünýä indi.

Ýene degişli makalalar

Kongonyň gündogarynda çaknyşyklar sebäpli ýanwar aýyndan bäri 7 müň adam öldi
Panama Kanal hemlesi sebäpli Trampy BMG-na şikaýat etdi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Fidan DKTR-da Saparda Bolýar
Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy
Türkiýe Siriýa meselesinde Asudalyk Üçin Çagyryş Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi