Serdar Berdimuhamedow Bangladeşiň ýolbaşçylaryny ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Bangladeşiň ýolbaşçylaryny ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine hem-de ýurduň Premýer-ministri hanym Şeýh Hasina Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Prezident Mohammed Şahabuddine we Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bangladeşiň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Bangladeş Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Bangladeşiň wezipeden boşadylan premýer-ministri eneleri we bäbekleri zamun almakda günäklenýär
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
Iň köp gepleşilýän diller
Türkiyäniň ary bal eksporty artdy
Türkiýe Bangladeşde Başdan Geçirilýän Wakalar Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar