Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi

Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi

30-njy aprelde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde — Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar, baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu dabaralara Prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Artistler döwlet Baştutanyny behişdi bedewlere bagyşlanan aýdym-sazlary bilen garşyladylar. Amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen sergi meýdançasynda baýramçylyk äheňinde bezelen ak öýler dikildi. Bu ýerde türkmen milli oýunlary, sport-görkezme çykyşlary hem guraldy.

Atçylyk sport toplumynda dürli aralyklara baýramçylyk çapyşyklarynyň ýedisi geçirildi. Olara baýramçylyk mynasybetli ýokary derejede seýislenen we seçilip alnan bedewler gatnaşdyryldy.

Birinji çapyşyk ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň Polatly baýragyny almak ugrunda 1 müň 600 metr aralyk boýunça geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Ýadygär atly bedew birinji geldi. Ony M.Kiçigulow çapdy.

Ikinji çapyşygyň menzili hem 1 müň 600 metr boldy. Bu çapyşykda üçýaşar bedewler nebitgaz toplumynyň Meleguş baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Onda R.Agamyradowyň çapan we Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli bolan Gudratlydag atly bedewi birinji gelmegi başardy.

Üçünji çapyşykda üçýaşar bedewler söwda toplumynyň Gelşikli baýragyny almak ugrunda 1 müň 600 metr aralyga bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly bedew ýeňiş gazandy. Ony G.Begliýew çapdy.

Dördünji çapyşykda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Ýanardag baýragyny almak ugrunda üçýaşar bedewler 1 müň 600 metr aralyga ýaryşdylar. Onda Türkmenaragatnaşyk agentligine degişli Mekan atly bedew birinji geldi. Ony çapyksuwar Ö.Ýalkabow çapdy.

Bäşinji çapyşyk gurluşyk we senagat toplumynyň Pereň baýragyny almak ugrunda boldy. 1 müň 800 metr aralyga güýç synanyşan dört we uly ýaşar bedewleriň arasynda S.Atajanowyň çapan Teleke diýen bedewi ýeňiş gazandy. Bu bedew Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli.

Altynjy çapyşykda dört we uly ýaşar bedewler oba hojalyk toplumynyň Garader baýragy ugrunda 1 müň 800 metr aralyk boýunça bäsleşdiler. Onda D.Berdimämmedowyň çapan we Aşgabat şäher häkimligine degişli Ýagmyr atly bedewi birinji gelmegi başardy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Akhan diýen baş baýragyny hem-de göçme kubogy almak ugrunda geçirilen ýedinji çapyşyk has-da gyzykly we çekeleşikli boldy. Bu çapyşykda dört we uly ýaşar bedewler 1 müň 600 metr aralyga goşuldylar. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Nowruz atly bedew birinji geldi. Ony ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy.

Baýramçylyk çapyşyklarynyň dowamynda bagşy-sazandalaryň çykyşlary guraldy.

Soňra at çapyşyklarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar hem-de uly möçberli (alty çapyşygyň ýeňijilerine 70 müň manat, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine 100 müň manat möçberinde) pul serişdeleri gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we Akhan baýragy gowşuryldy.

Şu gün bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan konkur bäsleşiginiň we uzak aralyga geçirilen at çapyşygynyň ýeňijileri hem yglan edildi.Konkur boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna degişli we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, çapyksuwar S.Garajaýewiň erk eden Toýçy atly bedewi ýeňiş gazandy.

Uzak aralyga geçirilen at çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gaýduw diýen bedew ýeňiji boldy.Ony ussat çapyksuwar T.Babaýew çapdy.

Çapyksuwarlar mynasyp bolan sylaglaryny ýüze sylyp, milli atşynaslygy we atçylyk sportuny ösdürmek barada yzygiderli aladasy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de atşynaslygyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek, bedewleriň ahalteke tohumyny giňden wagyz etmek ugrunda mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
RUSSIA TODAY DOCUMENTARY AHALTEKE BEDEWLERI HAKYNDA FILMI SURATA DÜŞÜRÝÄR