Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimine soňky gezek berk käýinç yglan etdi

Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimine soňky gezek berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti şu gün Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň bäş aýynyň netijelerine bagyşlap geçiren mejlisiniň dowamynda Daşoguz welaýatynyň häkiminiň işine nägilelik bildirdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi işde goýberen kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşadyp, bu wezipä A.Ýazmyradowy belledi.

Şeýle-de Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Turkmenportal habarlar portalynda ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimine şu ýylyň maý aýynyň 3-ne geçiren iş maslahatynyň dowamynda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda şaly öndürmekde we Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýol beren kemçilikleri üçin yglan edipdi. Şeýle-de döwlet Baştutany şu ýylyň maý aýynyň 30-na geçiren iş maslahatynyň dowamynda Daşoguz welaýatynyň häkimine ýüzlenip, welaýatda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň depginleriniň pesdigini belläp, onuň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, B.Arazowy Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmegi şol etrabyň häkiminiň orunbasary G.Baýramdurdyýewiň üstüne ýükledi.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýatynda şaly ekişine girişildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi