Serdar Berdimuhamedow düýe çopany bilen çaý başynda söhbetdeş boldy

Serdar Berdimuhamedow düýe çopany bilen çaý başynda söhbetdeş boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna saparynyň çäklerinde welaýatyň Görogly etrabyndaky Garagum maldarçylyk hojalygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän Garagum maldarçylyk hojalygynyň düýe çopany Atamyrat Işanberdiýewiň goşuna geldi.

Döwlet Baştutany çopanyň işi, mallarynyň we bu künjegiň öri meýdanlarynyň ýagdaýy hem-de maldaryň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.

Düýe çopany Türkmenistanyň Prezidentine çopan goşuna gelip, hal-ahwal soraşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň kärende usulynda işleýändigini, onuň örän bähbitlidigini gürrüň berdi hem-de ähli oba zähmetkeşleri, şol sanda maldarlar üçin döwlet tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini nygtady.

Hormatly Prezident oba zähmetkeşleriniň, şol sanda maldarlaryň durmuş we iş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde alada ediljekdigini belledi we çopana alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlik gazanmagyny arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna sapary
Owganystanyň türkmen dilli 'Göreş' gazeti 44 ýyl soň öz işini bes etmeli boldy
Türkmen telekeçisi ýüň önümlerini Italiýa, Fransiýa, Niderlandlara eksport edip başlady
ОФИЦИАЛЬНЫЙ ВИЗИТ НАЦИОНАЛЬНОГО ЛИДЕРА ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА В ОБЪЕДИНЁННЫЕ АРАБСКИЕ ЭМИРАТЫ