Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.Hususan-da, ekine ösüş suwy tutulýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär.

Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.Pagtaçylar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak we talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler geçirilýär.

Şeýle-de ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişiniň dowam edýändigi, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýändigi barada hem aýdyldy.

Häkimler welaýatlarda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny, welaýatlaryň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlara, bilim edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän gyzlara, talyp gelin-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylýandygyny habar berdiler.

Häkimler şeýle-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de häkimlere bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaçanyň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýurdy 2022 --- 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek arkaly ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmegiň häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere ýurduň bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, ýerleriň, pagtaçylar üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň guramaçylykly we bökdençsiz geçirilmeginiň, ekiş we ideg işlerinde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň möwsüme doly taýýar edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler babatda degişli görkezmeleri berdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty