Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Täjigistana barar, Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda täze döredijilik bäsleşigi yglan edildi we beýleki habarlar

Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Täjigistana barar, Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda täze döredijilik bäsleşigi yglan edildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 14-15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar. Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşar. Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde beýleki birnäçe çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly bäsleşik yglan edildi. Bäsleşigi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýragy we altyn zynjyry bilen sylaglanar. Pul baýragyny Türkmenistanyň Prezidentiniň haýyr-sahawat gaznasyndan bermek bellenildi.

3.Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Şu ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi.

Bu görkeziji 6,2 göterim artdy.Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 2,5 göterim ýokarlandy.

4. Döwletmammet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda arap dilini öwrenmek üçin täze kitaphana we zal açyldy. Açylyş dabarasy Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň baş direktory Nikolaý MladenowTürkmenistana saparynyň çäklerinde geçirildi. Täze kitaphanada arap medeniýetini, däp-dessurlaryny, gymmatlyklaryny we döwrebap ösüşlerini öwrenmek üçin gymmatly çeşme bolup durýan arap we emirlikler edebiýatynyň ýygyndylary ýerleşýär.

5.Aşgabatda doglan aýdymçy Olga Şultaýs Şäheriň güni mynasybetli guralan Dobraýa Moskwa festiwalynda çykyş eder. 9-10-njy sentýabrda Reňkli bulwarda dürli döredijilik ussatlyk sapaklary, haýyr-sahawat ýarmarkasy, bäsleşiler, sport meýdançasy we beýlekiler gurnalar.

Baýramçylygyň çäklerinde meşhur sungat işgärleriniň çykyş etmeklerinde konsertler hem geçiriler.Aşgabatda doglan Olga Şultaýs eýýäm Russiýada we daşary ýurtlarda meşhurlyk gazanmagy başardy.Onuň Mille Milýa atly aýdymy 2016-njy ýylyň 21-nji maýynda ilkinji gezek görkezilen Italiýança ýaryşlar atly italýan-rus filminiň esasy aýdymy boldy.

Dünýäde

6. 9-njy sentýabr gijesinde Marokkoda 6,9 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi. Ýertitremäniň merkezi Marrakeşden 80 km uzaklykda ýerleşipdi, ýöne sarsgynlar bu ýerden 400 km radiusda duýuldy. Pidalar we ejir çekenler bar; soňky maglumatlara görä, 300 töweregi adam ölüp, 150-den gowrak adam ýaralandy. Marrakeşde ejir çekenler üçin meýdan hassahanalary döredildi.

7.Tejribeli amerikan speleology Mark Diki Türkiýäniň günortasyndaky Toros daglaryndaky gowakda gözleg alyp barýarka, 1000 metr çuňlukda keselledi.Ony halas etmek üçin Ýewropanyň dürli ýurtlaryndan toparlar geldiler.

Halas edijilere, şol sanda lukmana Dikiniň ýanyna baryp, oňa ilkinji kömegi bermek başartdy.Emma olara Dikini gowakdan çykarmak üçin birnäçe gün, belki-de birnäçe hepde gerek bolup biler, gowagyň käbir ýerleri nosilkany geçirip bolmajak derejede dar.

Diki halas edijilere we Türkiýäniň hökümetine minnetdarlyk bildirýän wideoýüzlenmesini ýazgy etdi. 40 ýaşly speleolog gowakdan çykmak üçin özüne uly kömegiň gerekdigini aýtdy.

Sport habarlary

8.Anna güni Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda 2:0 hasabynda Indoneziýanyň toparyndan ýeňildi. 49-njy minutda baş eminiň Indoneziýanyň milli ýygyndysynyň derwezesine aç-açan 11 metrlik jerime urgusyny bermezligi duşuşygyň esasy pursatlarynyň biri boldy.

Türkmenistan milli ýygyndysynyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görmegini dowam etdirýändigini bellemek gerek.Türkmen oýunçylarynyň 12-nji sentýabrda Dubaýda Bahreýniň milli ýygyndysyna garşy geçiriljek ýene bir synag oýny bar.

9.Futbol boýunça Ýewro-2024 çempionatynyň saýlama oýnunda Ermenistanyň we Türkiýäniň milli ýygyndylary deňme-deň oýnadylar.Duşuşyk Türkiýäniň Eskisehir şäherinde geçirilip, 1:1 hasabynda tamamlandy.D toparçasyndaky beýleki oýnunda Horwatiýanyň milli ýygyndysy öz meýdançasynda Latwiýanyň toparyny 5:0 hasabynda ýeňdi.

J toparçada Portugaliýanyň milli ýygyndysy myhmançylykda 1:0 hasabynda Slowakiýanyň toparyndan üstün çykdy.Ispaniýanyň milli ýygyndysy A toparçadaky oýunda 7:1 hasabynda Gruziýanyň toparyny ýeňdi.Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde gollaryň birini Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň ýaş oýunçy we iň ýaş pökgi geçiren 16 ýaşly Lamin Ýamal tora girizdi. 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionaty Germaniýada geçiriler.

Her saýlama toparçadan iň gowy iki ýygyndy ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanar.Bäsleşigiň beýleki gatnaşyjylary Milletler ligasynyň pleý-off oýunlarynyň netijelerine görä kesgitlener.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyzstan Ermenistanyň Basyp Alyşlygyndan Halas Edilen Obada Mekdep Gurar
Türkiýedäki we Siriýadaky Halas Ediş Işleri Azaldy
Prezident Japarow, Gözleg we Halas Ediş Toparyna Sagbolsun Aýtdy
Ýer Titremelerinden 296 Sagat Soň 3 Adam Halas Eildi
Daşary Ýurtdan Gelen 5 Müň 654 Adamlyk Gözleg we Halas Ediş Topary Öz Işini Dowam Etdirýär
Harabalyklaryň aşagyndan umytlandyryjy habarlar gelip gowuşmaga dowam edýär