Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ir bilen welosipedli ýörişiň başlanýan ýeri bolan Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşen Welosiped binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary ýygnandylar. Çärä gatnaşanlaryň hatarynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri-de bar.

Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyp ýaşlar, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de umumy orta bilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar, jemgyýetçiligiň wekilleri bar.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, sungat ussatlary ajaýyp aýdym-sazly we tansly kompozisiýa bilen çykyş etdiler.

Soňra döwlet Baştutany köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşýanlaryň kerweniniň başyny çekdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň yzy bilen hemmeler Aşgabadyň giň şaýollaryndan geçýän ugur boýunça sazlaşykly herekete başladylar.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň ugrunda döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Ýolugrunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagt şäher Aşgabada gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, şäheri mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, arassaçylygy nusgalyk ýagdaýda saklamak, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, baglara talabalaýyk ideg edilmegini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Aşgabadyň merkezinde, Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar pellehana geldiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welosipedli ýörişe gatnaşyjylara berk jan saglyk we üstünlikleri arzuw etdi we hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri ýurduň ähli welaýatlarynda-da guraldy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köpçülikleýin çäreler bilen bellär
Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçirildi
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Balkan: Býujet işgärleri yssy howada köpçülikleýin tigirli ýörişlere çekildi