Serdar Berdimuhamedow Samarkandyň dünýä belli obserwatoriýasyna baryp gördi

Serdar Berdimuhamedow Samarkandyň dünýä belli obserwatoriýasyna baryp gördi

Şu gün Özbegistanda iki günlük döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanýan taryhy künjeginde — Samarkant şäherinde bolup, onuň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere baryp gördi. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron nusgasynda maglumat berildi.

Hususan-da, döwlet Baştutany Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Ulugbegiň meşhur obserwatoriýasyna syn etmek bilen, orta asyrlara degişli bu özboluşly desganyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.Ulugbegiň obserwatoriýasy 1424 — 1428-nji ýyllarda Samarkandyň golaýynda ýerleşýän Kuhat baýrynda gurlan obserwatoriýanyň galyndylaryny özünde jemleýär.

Oňa emir Teýmiriň şol döwürlerde Samarkandyň hökümdary bolan agtygy Ulugbegiň hut özi ýolbaşçylyk edip, obserwatoriýada alnyp barlan ylmy işleri ýakyndan goldapdyr we alymlary has-da höweslendiripdir.Silindr görnüşli üç gatly binanyň beýikligi 30 metr bolup, ol ýerde ölçeýji gural — sekstant goýlupdyr. Şonuň kömegi bilen Güne, Aýa, beýleki asman jisimlerine gözegçilik edilipdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň resmisi bilen duşuşdy we Samarkanda sapar etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Samarkant şäherindäki taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlaryna baryp gördi
Türkmenistanda 3 million 149 müň 178 internet ulanyjysy bar
Türkmenistanda güýzki at çapyşygy möwsümine badalga berildi
Guýmagursak zehini ýatlap
Türkmenistanyň Prezidentiniň harby uçurymlaryna çykyşy