Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de ýurduň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk pudagynda we sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler dowam etdirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ekini ýekelemek we otamak işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.

Bugdaý ekilen meýdanlarda bolsa ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatlardaky galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Häkimler ilaty ýurtda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlaryň degişli ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň alnyp barylýandygy barada hem aýtdylar.

Degişli hasabatda Lebap welaýatynda ýetişdirilen soganyň hasylyny ýygnap almak işleriniň ýerine ýetirilýändigi habar berildi.

Şeýle-de hasabatlarda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň ýerine ýetirilýändigi barada aýdyldy.

Häkimler Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany häkimlere gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde, şeýle hem bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Häkimlere şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralara beslenip, giňden bellenilip geçilendigini aýtdy we bu baýram mynasybetli guralan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Wise-premýer T.Atahallyýew türkmen halkynyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmaga, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga, atçylyk pudagyny döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge döredip berýän ajaýyp şertleri üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine ýurduň oba hojalygy pudagynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanyna we Halk Maslahatynyň Başlygyna berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi