Serdar Berdimuhamedow Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Serdar Berdimuhamedow Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellemek baradaky Permana gol çekdi. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýew Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Orazmyrat Gurbannazarow saglyk ýagdaýy sebäpli söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadylyp, bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmek şol wagt söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinde işleýän Begenç Goçmollaýewiň üstüne ýüklenilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY