Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün — saparynyň ikinji güni Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy.

Howar milli habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplar oba hojalygy, senagat, maýa goýum, syýahatçylyk, medeniýet, ulag-logistika we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hem hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça-da maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Täjigistana bardy
Türkmen wise-premýeri Moskwada GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanda Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana resmi sapar bilen bardy
Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Duşenbe şäherine bardy
Türkmenistan Täjigistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär
Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklary