Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýäniň Bilelikdäki maýa goýum fonduny döretmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýäniň Bilelikdäki maýa goýum fonduny döretmegi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlar boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi. Bu barada TDH habar berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigini we bu ýerde esasy maksadyň ýurtda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýandygyny nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany, şol bir wagtda, türk maýadarlarynyň we senagatçylarynyň ýurtda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir uly banklarynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmak meselesine seretmegiň hem makul görülýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Jewdet Ýilmaz: Türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ýetirmekde hökman hyzmatdaşlyk etmeli
Türkmenistan Türkiýä elektrik energiýasyny we tebigy gazy ibermäge taýýar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe bilen Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi teklip etdi
Türkmenistan we Türkiýe Hazaryň we Gara deňziň üstünden geçýän üstaşyr ýollary işjeňleşdirer
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky çykyşynda sözlän sözlerinden