
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipesine girişmek dabarasynda söz sözlemek bilen, bu wezipede nähili işlejekdigi, ilkinji nobatda zerur bolan haýsy meselelere seretjekdigi barada belläp geçdi.
Türkmenistan gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň täze Prezidentiniň çykyşynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geljekde ýerine ýetirilmeli işler barada umumylaşdyrylyp beýan edildi.Onda hemme ugurlar bilen bir hatarda, durmuş ugruna hem möhüm ähmiýet berildi.
Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagtdan ünsden düşürmez diýip, hormatly Prezident belledi.
Nygtalyşy ýaly, köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrmagyň, her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek esasy aladalaryň biri bolar.
Habarda beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda:
Şeýle-de, okaň!