Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň kararlaryny tassyklady

Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň kararlaryny tassyklady

Habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat şäherinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, guramanyň täze ýolbaşçylary saýlanyldy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmuhammet Orazmuhammedowiç Öwezberdiýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykaran 7/1-nji karary tassyklanyldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazpolat Nurpoladowiç Keriýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykaran 7/2-nji karary tassyklanyldy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ýaşlar guramasyna täze ýolbaşçy bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
Milli boks çempionatynyň finalçylarynyň atlary belli boldy
24.03.2019 | Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda 23 medaly gazandylar
Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda 23 medaly gazandylar