Serdar Berdimuhamedow Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Serdar Berdimuhamedow Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu desga Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşip, onuň kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr suwy arassalamaga mümkinçilik berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda suw serişdelerini dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, şäherleriň we obalaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň göwrümlerini, derýalaryň, suwaryş we lagym ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça çemeleşmeleriň kämilleşdirilmegine yzygiderli üns berilýär. Şu maksatlar bilen degişli taslamalar durmuşa geçirilýär, pudak üçin ýörite tehnikalar we iň täze enjamlar satyn alynýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şol gün Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Bäherden aralygynda gysga wagtda häkimiýetler tarapyndan onlarça jaý ýykyldy
Ahalda ýagan güýçli ýagyş köçeleri we köprüleri suw basmagyna sebäp boldy
Ahalda güýçli ýagyş köçeleri we köprüleri suw basmagyna sebäp boldy
Prezidentiň aýal doganynyň propagandasynyň ýaýbaňlanmagy ilat arasynda dürli pikir alyşmalary döretdi
Serdar Berdimuhamedowyň prezident bolanyna üç ýyl boldy, bu döwürde ýurtda nämeler özgerdi
Aýal-gyzlar: Pul sowgadynyň mukdary türkmen hökümetiniň abraýyny ýer bilen ýegsan edýär
Türkiýede Berdimuhamedowlaryň iki tankytçysy saklanyp, deportasion lagere ugradyldy