Serdar Berdimuhamedow Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

Serdar Berdimuhamedow Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Bu barada Atawatan-Türkmenistan halkara žurnalynyň resmi saýty Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň resmi internet sahypasyna salgylanyp, habar berýär.

Russiýanyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzade, Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Ulukbek Maripow, Belarusyň Premýer-ministri Roman Golowçenko hem-de Ermenistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nikol Paşinýan hem-de Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde geçirilen mejlisde Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň işleri hem-de söwda-ykdysady we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin mejlisde eden çykyşynda bileleşigiň üstünlikli ösýändigini we sebitdäki ykdysady özüne çekiji merkeze öwrülýändigini aýtdy. Bileleşigiň özara bähbitli we deň hukukly hyzmatdaşlyga açykdygyny bellän Mişustin Özbegistan bilen guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekiljekdigini belledi.

Russiýanyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin şu gezekki mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň hem hormatly myhman hökmünde gatnaşýandygyny belledi.

Şeýle hem ol bileleşige beýleki ýurtlardan gyzyklanma hem artýandygyny, artykmaç söwda şertnamalaryna gol çekmek üçin 50-den gowrak teklip gelip gowşandygyny, munuň ilkinji nobatda ykdysady ösüşi höweslendirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Ýewraziýa ykdysady geňeşi sebit ykdysady integrasiýasynyň halkara guramasydyr. Onuň düzümine Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan girýär. Moldowa, Özbegistan we Kuba guramanyň synçy agzalarydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wise-premýeri Moskwada GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Täjigistana bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanda Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana resmi sapar bilen bardy
Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Duşenbe şäherine bardy
Türkmenistan Täjigistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär
Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklary