Serdar Berdimuhamedow ÝHG mejlisine gatnaşmak üçin Kazana bardy

Serdar Berdimuhamedow ÝHG mejlisine gatnaşmak üçin Kazana bardy

Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Russiýanyň Tatarystan Respublikasyna Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Tatarystanyň Premýer-ministri Alekseý Pesoşin “Kazan” halkara howa menzilinde türkmen wekiliýetini garşy aldy.

Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Premýer-ministrleri: Mihail Mişustin, Roman Golowçenko, Askar Mamin, Ulugbek Maripow, Kohir Rasulzoda we Abdulla Aripow, şeýle hem Ermenistan Hökümetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Nikol Paşinýan ÝHG-niň mejlisine gatnaşmak üçin Tatarystanyň paýtagtyna geldiler.

ÝHG-niň mejlisi aprel aýynyň 29-30 aralygynda Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň (ÝYB) döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň we Ýewraziýa Ykdysady Kommisiýasynyň (ÝYK) Geňeşiniň başlygynyň gatnaşmagynda adaty görnüşde geçirilýär.

Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesi (ÝYB) halkara ykdysady integrasiýa guramasydyr. Onuň düzümine Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan we Gyrgyzystan girýär. Moldowa, Özbegistan we Kuba ýurtlary synçy döwletler hökmünde çykyş edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni telefon arkaly geçirilen söhbetdeşliginiň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine ÝHG-niň mejlisine gatnaşmaga çagyranlygy üçin minnetdarlyk bildirip, forumyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wise-premýeriniň derejesinde ýokary wezipeli wekiliýetiň iberiljekdigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmen wise-premýeri Moskwada GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Täjigistana bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanda Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana resmi sapar bilen bardy
Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Duşenbe şäherine bardy