Serdar Berdimuhamedowyň Bagdad Amreýew bilen duşuşygy: nobatdaky sammite taýýarlyk maslahatlaşyldy

Serdar Berdimuhamedowyň Bagdad Amreýew bilen duşuşygy: nobatdaky sammite taýýarlyk maslahatlaşyldy

5-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlarda uly mümkinçilikler hasaba alnyp, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerine laýyklykda, energetika, ulag-kommunikasiýa hem-de infrastruktura ulgamlary ýaly strategik ugurlarda tagallalary birleşdirmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň möhüm bolup durýandygy bellenildi. Şeýle-de bu guramanyň düzüminde döredilýän Türki maýa goýum gaznasyny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň aýrylmaz böleginiň biri hökmünde kesgitlenildi.Munuň özi türki dilli ýurtlaryň halklaryny baglanyşdyrýan taryhy kökleriň, medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy bilen şertlendirilendir.

Duşuşygyň dowamynda jenap Bagdad Amreýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň geçen ýyl geçirilen sammitine gatnaşmagynyň we onda hormatly Arkadagyň netijeli başlangyçlary öňe sürmeginiň guramanyň işiniň öňe ilerlemegine oňyn täsirini ýetirendigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň möhüm ählumumy meselelere uly üns berýändigine şaýatlyk edýän bu tekliplerine guramanyň geljekki sammitlerinde garaljakdygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek meselelerine-de garaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ ГЕНЕРАЛЬНОГО СЕКРЕТАРЯ ОРГАНИЗАЦИИ ТЮРКСКИХ ГОСУДАРСТВ
В МИД ТУРКМЕНИСТАНА СОСТОЯЛАСЬ ВСТРЕЧА С ГЕНЕРАЛЬНЫМ СЕКРЕТАРЕМ ОРГАНИЗАЦИИ ТЮРКСКИХ ГОСУДАРСТВ
Türkmenistanyň Prezidenti TDG-niň Baş sekretaryny kabul etdi