Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa sapary meýilleşdirilýär

Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa sapary meýilleşdirilýär

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy bilen geljek hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moskwada saparda bolar.

Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň berýän maglumatlaryna salgylanyp, şu gün mir24 teleýaýlymy habar berdi.

Habarda bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa sapary mahalynda ykdysady meseleler boýunça birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Turkmenportalda ozal habar berşimiz ýaly, Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmaga gelen GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenkony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda W.Matwiýenkow Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň salamlaryny we Moskwa sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny ýetirdi.

Şu ýylyň 18-nji maýynda bolsa rus Lideri Wladimir Putin Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmäge goşan goşandy üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Dostluk ordeni bilen sylaglamak baradaky resminama gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň we Grenlandiýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler
Aşgabatda Gallery&Café by Durdy Bayramov atly ilkinji kafe-galereýasy açyldy
Regus: islendik görnüşli işewürlik üçin ofis çözgütleri
Türkmenistanyň ylym ulgamynyň işgärlerinden ybarat wekiliýeti Baku şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Sürüji ýetmezçiligi sebäpli, döwlet taksileriniň ençemesi işlemeýär
Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik geçiriler