Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana saparynyň meýilnamasy maslahatlaşylýar

Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana saparynyň meýilnamasy maslahatlaşylýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti täjik tarapynyň çakylygy boýunça Täjigistan Respublikasynda iki günlük saparda bolýar. Wekiliýetiň düzüminde Bilim ministrliginden, Ulag we aragatnaşyk ulgamyndan, Söwda-senagat edarasyndan hem-de beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan wekiller bar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri saparynyň çäklerinde 8-nji martda Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddinow bilen duşuşdy. Bu barada Täjigistanyň DIM-niň Maglumat bölümi habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, sebit derejesinde we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada pikir alşyldy. Şeýle-de 2023-nji ýylyň aprel aýynyň birinji ýarymynda meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana döwlet saparyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Duşanbede geçiriljek möhüm ähmiýetli çärelere — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işlerine-de garadylar.

Şu gün saparyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri Duşenbe duşuşygy barada pikir alyşdylar
R.Meredow Duşanbede Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Duşenbe sammitinde gury ýerdäki ulag ulgamy we ýaşlar syýasaty boýunça möhüm resminamalara gol çekiler
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Duşanbede Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana barar
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar