Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, ministrligiň resmileri bilen geçiren maslahatynda goşunda 2023-nji ýyldan 2026-njy ýyla çenli uly üýtgeşmeleriň amala aşyryljakdygyny mälim etdi.
Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň kadryny giňeltmek üçin ähli işleriň köptaraplaýyn bir meýilnamada birleşdirilmeginiň we goranmak senagatynda ýaraglaryň üpjün ediliş möhledi bilen deňeşdirilmeginiň gerekdigine ünsleri çeken Sergeý Şoýgu, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň esgerleriň sanyny 1,5 milliona ýetirilmegi barada karar kabul edendigini aýan etdi.
Sergeý Şoýgu: "Döwletiň harby howpsuzlygyny üpjün etmek we Russiýa Federasiýasynyň täze sebitlerini we tankydy desgalaryny goramak, diňe goşunyň esasy gurluş düzüm böleklerini güýçlendirip mümkindir" diýip belledi.
Goşunda "Moskwa we Leningrad" ady bilen 2 aýry täze strategik harby zolagyň dörediljekdigini aýdan Sergeý Şoýgu: "Russiýa Federasiýasynyň täze sebitlerinde hem özüne ýetjek derejede harby birikmeler dörediler" diýip mälim etdi.
Putin geçen ýyl gol çeken karary bilen 137 müň adamlyk artyş bilen goşunyň düzümindäki esgerleriň sanyny 2023-nji ýylda 1 million 150 müň 623 adama ýetiripdi.
Beýleki tarapdan bolsa Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Ukrainada söweşýän harby birikmelerde gözegçilik işlerini geçirdi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Ukrainadaky "ýörite harby operasiýada" "Gündogar" harby birikmeleriň ştabyna gözegçilik edip, serkerde general-leýtenant Rustam Muradowdan birikmeleriň ýagdaýy we harby birikmeleriň hereketleri barada maglumat aldy.
Birikmeleriň berkitmeleri we meýdanda howpsuz ýagdaýda ýerleşdirilmegi üçin gerek bolan şertleriň döredilmegine ünsleri çeken Sergeý Şoýgu, saglygy goraýyş meseleleri we front liniýasyndan daşary edilýän işler bilen hem gyzyklandy.
Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.
