Serhetabatlylar pul nagtlaşdyrmak üçin, 300 km töweregi ýol aşyp, Mary şäherine gatnamaly bolýarlar

Serhetabatlylar pul nagtlaşdyrmak üçin, 300 km töweregi ýol aşyp, Mary şäherine gatnamaly bolýarlar

Türkmenistanyň iň günorta sebitiniň, öňki Serhetabat etrabynyň ýaşaýjylary üzňelikden ejir çekýärler, hatda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak üçin hem, 300 kilometr töweregi ýol söküp, Marynyň welaýat merkezine gatnamaly bolýarlar.

“Serhetabadyň bankomatlaryna salynýan pullar tiz wagtda gutarýar, bankomatlara öz wagtynda pul salynmaýar” diýip, serhet ýaka sebitiň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Sebitiň bankomatlaryndaky nagt ýetmezçiligi zerarly, ýaşaýjylar hususy taksilerde ýa-da köpçülik transport serişdeleri bilen welaýat merkezine gatnaýarlar. Käbir adamlar bolsa, öz bank kartlaryny şähere gatnaýan taksi sürüjilerine berip goýberýärler. Sürüjiler pul nagtlaşdyrmak hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin 50 manat möçberinde töleg soraýarlar.

Ýurduň iň günorta çüňkünde, Owganystan bilen serhet ýakada ýerleşýän Serhetabat etraby 2022-nji ýylyň noýabrynda ýatyrylyp, Tagtabazar etrabyna birikdirildi. Şeýlelikde, serhet ýaka sebitiň etrap merkezi 120 kilometr çemesi demirgazyk-gündogara süýşdi we welaýat merkezine golaýlady. Ýöne etrabyň merkezi resmi taýdan welaýat merkezine sähel golaýlasa-da, üzňelikden ejir çekýän ilat şol öňki ýerinde, serhet ýakalarynda galdy.

“Serhetabat şäherinden Mary şäherine gidip gelmek üçin taksiler 30 manat, minibuslar 15 manat ýol kireý soraýar. Taksi bilen gitseň, gidiş-geliş üçin jemi 60 manat çykdajy etmeli bolýar. Bank kartlarymyzy taksi sürüjilerine-de berip goýberip bilýäris, olar 50 manada pul nagtlaşdyrmak hyzmatyny hödürleýärler” diýip, serhet ýaka sebitiň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Mundan ozal, Serhetabat şäherinden welaýat merkezine baryp, pul nagtlaşdyran birnäçe ýaşaýjy Mary şäherindäki bankomatlarda hem baran badyňa pul nagtlaşdyrmak mümkinçiliginiň ýokdugyny, ol ýerde hem bankomat nobatyna garaşmaly bolýandygyny aýdýarlar.

Üstesine, bank kartlaryndaky nagt çägi 800 manat möçberinde kesgitlenen birnäçe ýaşaýjy öz aýlyklaryny nagtlaşdyrmak üçin 2-3 gezek welaýat merkezine gatnamaly bolandyklaryny gürrüň berýärler.

Serhetabat şäheriniň özündäki bankomatlara pul salynýan döwürlerde bankomat nobatlary tas gün uzyn dowam edýär.

“Hususan-da, gartaşan adamlar üçin şähere gatnamak kyn bolýar. Diňe Serhetabatda däl, eýsem, sebitiň kenar ýaka etraplarynyň tas ählisinde ýagdaý şeýle” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda, hususan-da, ykdysady krizisiň ýitileşen döwürlerinde raýatlar ýiti nagt ýetmezçiligini başdan geçirdiler, iri medeni zolaglarda, hatda ýurduň esasy şäherlerinde ýerleşýän bankomatlaryň öňünde uly-uly nobatlar emele gelýärdi. Ýöne soňky ýyllarda bankomat nobatlary baradaky habarlar seýrekleşdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary, mundan ozal, ýanwaryň başlarynda hem serhet ýaka sebitleriň ýaşaýjylarynyň üzňelik zerarly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, olaryň amatsyz ýaşaýyş durmuş şertleri barada habar berdiler.

Galyberse-de, mundan ozal serhetabatly ýaşaýjylar özleriniň sebit merkezi bilen aradaky ýolagçy otlularynda arkaýyn syýahat edip bilmeýändiklerini, polisiýa işgärleriniň ýolagçylaryň el goşlaryny, sumkalaryny yzygiderli barlaýandygyny gürrüň berdiler.

“Demirýollary” kompaniýasynyň gatnaw tertibine görä, Aşgabat bilen Serhetabat arada gündelik ýolagçy otlusy ýola goýlupdyr.

Öňki Serhetabat etraby ýurduň iň günorta nokady bolup, bu etrap, garaşsyzlykdan öň, tutuş Sowet Soýuzynyň iň günorta nokady hasaplanýardy.

Owganystanyň Hyrat welaýaty bilen serhetleşýän araçägiň aňyrsynda Turgundy owgan şäherçesi ýerleşýär. Türkmenistan bu sebitde geçen on ýyllyklaryň dowamynda günorta-gündogar goňşusy bilen arada demir ýol geçelgelerini gurdy.

“Meteožurnal” neşiriniň mart aýynda çap eden satellit suratlary Türkmenistanyň Owganystan bilen serhetleşýän serhet ýaka sebitlerine owganlaryň bökdençsiz girip-çykýandyklaryny, olaryň türkmen çäginde ýerleşýän öri meýdanlardan peýdalanýandyklaryny görkezdi.

Döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurduň çet sebitlerinde ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan amatsyz ýaşaýyş-durmuş şertleri barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Serhetabatlylar pul nagtlaşdyrmak üçin 300 km töweregi ýol aşyp, Mary şäherine gatnamaly bolýarlar
Serhet ýakada ýerleşýän günorta sebitler üzňelikden we amatsyz durmuş şertlerinden ejir çekýär
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy
Meteožurnal: Owganystanlylar Türkmenistanyň serhet ýaka sebitlerinde bikanun mal bakýar
Gyrgyzystan-Hytaý serhedinde bolan ýertitreme Türkmenistanda ilat arasynda dowul döretdi