“Serhetsiz reportýorlar" garaşsyz neşiriň habarçysynyň derrew azat edilmegine çagyrýar

“Serhetsiz reportýorlar" garaşsyz neşiriň habarçysynyň derrew azat edilmegine çagyrýar

“Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasy ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça täze wekilini Türkmenistanda, dünýäniň žurnalistler üçin iň howply ýurtlarynyň birinde, diňe habar saýtyna bir surat iberendigi üçin türmä basylan žurnalisti azatlyga çykarmak üçin basyş görkezmäge çagyrýar.

26 ýaşly Nurgeldi Halykow Bütindünýä saglyk guramasynyň Aşgabada gelen toparynyň wekilleriniň sosial mediada çykan fotosuratyny alyp, düýbi Gollandiýada ýerleşýän “Turkmen.news” habar saýtyna iberenden soň, 13-nji iýuldan bäri tussaglykda saklanýar we golaýda onuň 15-nji sentýabrda, galplaşdyrylan galplyk aýyplamasynda aýyplanyp, dört ýyl azatlykdan mahrum edilenidigi habar berildi.

“Serhetsiz reportýorlar” Halykowyň maşgalasynyň bu mesele barada gürleşmek islemändigini, sebäbi olaryň Nurgeldi 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk gününe gabat azat ediler diýen umytda bolandygyny, emma bu arzuwyň boş çykandygyny belleýär.

"Türkmenistan habar we maglumat babatynda bir gara deşik bolup durýar" diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Jean Kaweliýer (Jeanne Cavelier) aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda habar beriş serişdeleri döwlet tarapyndan doly gözegçilik astynda saklanýar we bu ýagdaý garaşsyz habar bermek töwekgelçiligine baş goşýan žurnalistleriň barha azalmagyna, olaryň iki-ýeke bolmagyna alyp gelýär.

“Nurgeldi Halykowa çykarylan höküm häkimiýetleriň erkin metbugatyň saklanyp galan az sanly wekillerini hem susdurmak üçin ulanýan galplaşdyrylan aýyplamalarynyň nähili manysyzdygyny görkezýär. Ol türmede gynalmak töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Biz häkimiýetleriň ony haýal etmän boşatmagyna çagyrýarys we ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýronyň onuň esassyz tussag edilmegini berk ýazgarmagyny soraýarys” diýip, Kaweliýer aýdýar.

Halykow BSG-niň sapara gelen hünärmenleriniň fotosuratyny ozalky klasdaşynyň Instagram sahypasyndan alypdyr. Bu suraty Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada habar berýän “Turkmen.news” saýtynda gören häkimiýetler onuň öňki klasdaşyny gyssaýar we ol öz sahypasyndaky suraty öçürip, Halykowdan bu suraty başga ýere iberip-ibermändigini soraýar.

Şondan soň Halykow derrew polisiýa bölümine çagyryldy we deslapky tussaghana ýerleşdirildi. Ol ahyrynda 26-njy iýulda, hamala, ýylyň başynda üzmeli bergisini üzüp bilmezligi sebäpli, kezzaplykda aýyplandy. Ony bergisini bermezlikde aýyplan we şikaýat arzasyny ýazan öňki dosty, tennis çempiony Ýuriý Rogusskiý bolup çykdy.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy Türkmenistanyň dünýäniň iň ýapyk ýurtlaryndan biri bolmak bilen, “pnewmoniýa” keseliniň köpelendigine garamazdan, Covid-19 ýokuşmalarynyň hiç birini resmi taýdan ykrar etmedik iki ýurduň biridigini, ikinji ýurduň Demirgazyk Koreýadygyny hem belläp geçýär.

Şeýle-de beýanatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garaşsyz neşirler bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistleri yzygiderli yzarlamak syýasatyny dowam etdirýändigi, Türkmenistany “oňyn ýagtylykda” suratlandyryp bilmedikleriň eden-etdilikli tussaglyga sezewar bolýandygy nygtalýar.

Dünýä ýüzünde metbugat azatlygynyň ýagdaýyna gözegçilik edýän gurama türkmen häkimiýetleriniň garaşsyz žurnalistleri gorkuda saklamak synanyşyklary bilen baglylykda, Azatlyk radiosynyň (ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugy) ýerli habarçylarynyň galplaşdyrylan aýyplamalar bilen tussag edilen žurnalistleriniň hem birnäçesini mysal getirýär.

Azatlygyň Daşoguz sebitindäki öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow 2017-nji ýylda nas satmak aýyplamasy bilen tussag edilen bolsa, Balkan sebitindäki öňki habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew hamala, ýanyndan neşeli derman tapylandygy üçin, galplaşdyrylan aýyplama esasynda üç ýyl türmede saklandy.

Elbetde, Azatlygyň H.Allaşowdan we S.Nepesgulyýewden öňki habarçylary hem dürli gorkuzmalara, galplaşdyrylan aýyplamalara sezewar edildi we bu ýagdaý garaşsyz žurnalistleriň birnäçesiniň daşary ýurtlara bosgunlyga çykmagyna getirse, ýene birnäçesiniň öz işlerini bes etmegine alyp geldi. “Serhetsiz reportýorlaryň” 2020-nji ýyldaky Bütindünýä metbugat azatlygy indeksinde Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 179-njy ýerde durýar.

Emma muňara garamazdan, Türkmenistanyň döwlet baştutany öz geçirýän hökümet mejlislerinde hemişe “işlemek üçin ähli şert döredilen” metbugat wekilleriniň ýurtda “gazanylan ägirt uly üstünlikleri” ýeterlik beýan edip bilmezliginden nägile bolup, ýygy-ýygydan metbugat ýolbaşçylaryny, şol sanda medeniýete we habar serişdelerini gözegçilik edýän orunbasaryny hem täzeläp durýar.

Ýene degişli makalalar

RSF: Türkmenistan metbugat azatlygynda 177-nji boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi
CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar
Jurnalistleri goramak boýunça komitet Nurgeldi Halykowy boşatmaga türkmen häkimiýetlerini çagyrýar
Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň Halkara hyzmatdaşlaryny häkimiýetlerden syýasy tussaglary boşatmagy talap etmäge çagyrýarlar
Ýewropa parlamentiniň agzalary, hukuk goraýjylar lukman Ismatullaýewany azat etmäge çagyrýarlar