Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy

Şu gün bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumyny gurmak Nahal hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. 2023-2024-nji okuw ýylyndan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda talyplara bilim berip başlanar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly mugallymlar Germaniýanyň ösen okuw enjamlaryny öwrendiler
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Ýaşyl tugum al-asmanda pasyrda! atly sergisi
Ysraýylyň Gazadaky harby ýitgileri artýar
Polisiýanyň ýetginjekler bölümi ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ýygnaklary ýygjamlaşdyrýar
Prezident Arçman şypahanasynda täze Bejeriş merkezini gurmak barada Karara gol çekdi
22.03.2019 | Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr