Şimşek: Energetika ulgamyndaky özgerişi tizleşdirmek arkaly durnuklylygymyzy güýçlendirýäris

Şimşek: Energetika ulgamyndaky özgerişi tizleşdirmek arkaly durnuklylygymyzy güýçlendirýäris

Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek: "Bütindünýä Bankyndan uzak möhletli we amatly maliýeleşdirme kömegi hökmünde 400 million ýewro bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa maýa goýumlaryny goldaýarys, energiýa özgertmesini tizleşdirip durnuklylygymyzy güýçlendirýäris" diýip belledi.

Türkiye Respublikasynyň Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek Bütindünýä Bankynyň Türkiyäniň ýel we ammarlama maýa goýumlary üçin goşmaça 400 million ýewro möçberinde maliýeleşdirmegi bilen bagly beýanat berdi.

Ministr Şimşek ýaşyl özgerişiň Türkiye üçin zerurdygyny nygtap: “Soňky 23 ýylyň dowamynda biziň umumy energiýa importymyz 1,1 trillion dollara ýetdi.Içerki we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýyny artdyrmak arkaly biz daşary ýurtlardan gelýän çeşmelere garaşlylygymyzy azaldýarys we serişdelerimizi gymmatlyk zynjyrynda has ýokary derejä çykmaga mümkinçilik berýän ugurlara gönükdirýäris.

Bütindünýä Bankyndan uzak möhletli we amatly maliýeleşdirme kömegi hökmünde 400 million ýewro bilen biz gaýtadan dikeldilýän energiýa maýa goýumlaryny goldaýarys, energiýanyň özgerdilmegini tizleşdirip durnuklylygymyzy güýçlendirýäris” diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň Maýa Goýum Banky Türkiýäniň ýaşyl özgertmelerine 200 million ýewro bölüp berer
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Prezident Erdogan Singapuryň Premýer-ministrini resmi dabara bilen garşylady
Türkiýede TEKNOFEST 2024 festiwaly açyldy
Mustafa Ali Mehmet
Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar