Sinergiýa uniwersiteti (Dubaý) Aşgabatda Açyk gapylar gününe çagyrýar

Sinergiýa uniwersiteti (Dubaý) Aşgabatda Açyk gapylar gününe çagyrýar

Sinergiýa uniwersitetiniň (Dubaý) Aşgabatdaky wekilhanasy ähli isleg bildirýänleri Açyk gapylar gününe çagyrýar. Bilim maksatnamalarynyň we bu ýokary okuw mekdebine girmek üçin mümkinçilikleriň tanyşdyrylyşy 19-njy martda sagat 18:30-da Aşgabatdaky Joşgun söwda merkezinde geçiriler.

Çärä gatnaşyjylara Sinergiýa uniwersitetiniň öňdebaryjy hünärmenleri bilen söhbetdeş bolmak üçin ajaýyp mümkinçilik dörediler. Hünärmenler soraglara höwes bilen jogap bererler we Sinergiýa uniwersitetiniň ähli bilim maksatnamalary barada jikme-jik maglumat bererler. Bu ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleri 17 20-nji mart aralygynda geçiriljek Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara sergisiniň çäklerinde Aşgabada gelerler.

Russiýanyň öňdebaryjy hususy uniwersiteti bolan Sinergiýa eýýäm 25 ýyl bäri isleg bildirilýän hünärler dünýäsiniň gapylaryny açýar. Üns bilen taýýarlanan 500-den gowrak bilim maksatnamalary maksatlaryňyza ýetmek üçin zerur bilimleri we başarnyklary gazanmaga kömek eder.

Sinergiýa uniwersiteti dünýäniň dürli künjeklerinden zehinli talyplary özüne çekip, serhetlerini yzygiderli giňeldýär. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda uniwersitetiň wekilhanasynyň gapylary türkmen bilim jemgyýeti üçin açyldy we eýýäm Türkmenistandan zehinli ýaşlaryň köpüsi Dubaýdaky döwrebap uniwersitet şäherçesinde möhüm hünärleri höwes bilen özleşdirýärler.

Sinergiýa uniwersitetini (Dubaý) aýratynlyklary:

Aşgabatdaky wekilhananyň işgärleriniň dalaşgärler üçin mugt maslahat beriş çärelerini geçirýändiklerini hem bellemek gerek.

Has giňişleýin maglumatlary şu belgilerden: (+993 71) 46 65 50, (+993 65) 81 54 82, ýa-da ideýa.mm03@gmail.com elektron poçta salgysyndan alyp bilersiňiz Sosial ulgamsaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

Dostlukly Zähmet dermanhanasy Aşgabadyň 15-nji tapgyrynyň ýaşaýjylaryna mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
8-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Belarusuň öňdebaryjy ýokary okuwlary türkmenistanly dalaşgärleri okuwa kabul edip başlady
Diňle: Hünärmenler täze halkara reýsleriň daşary ýurtlulary, Türkmenistana girizmeden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar
Hünärmenler täze halkara reýsleriň daşary ýurtlulary, Türkmenistana girizmeden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördi