Singapurda 16 sany mör-möjek iýmit hökmünde tassyklandy

Dünýäniň dürli ýurtlarynda ululy-kiçili jandarlar iýmit hökmünde peýdalanylýar. Şolaryň arasynda medeni usulda ösdürilip ýetişdirilýäni, ýabany görnüşleri we mör-möjekler hem bar. Singapuryň Azyk agentligi (SFA) 16 sany mör-möjegi iýmit hökmünde tassyklady. “Channel News Asia” teleýaýlymynyň habaryna görä, ýurtdaky restoranlar bellenen mör-möjeklerini iýmit sanawyna goşup bilerler. Bu jandarlaryň arasynda çekirtge, gurçuklaryň birnäçe görnüşi bar.

SFA iýmit ýa-da mallar üçin iým hökmünde mör-möjekleriň bu görnüşlerini import etmek isleýänlerden käbir şertleriň talap ediljekdigine ünsi çekip, sanawda ýok janly-jandarlary import ediljek bolanda, olaryň sarp edilmeginiň ygtybarlydygyna ýa-da däldigine garaljakdygyny belledi.

Şeýle hem düzüminde mör-möjek bolan gaplanan taýýar iýmitler satylanda onuň düzümi gabyň daşynda görkezilmeli bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Gazagystan TOPH taslamasyna goşulmakçy bolýar, taslamanyň töwereginde bir topar sorag gozgalýar
Türkmenistan ulag toplumyny ösdürmek üçin $1 milliarda golaý maýa çekdi
Hindistanyň Harby-howa güýçleriniň çykyşynda 5 adam ýogaldy