Şir Ýag zawody Türkmenistanda çalgy ýaglarynyň önümçiligini işjeň ýola goýýar

Şir Ýag zawody Türkmenistanda çalgy ýaglarynyň önümçiligini işjeň ýola goýýar

Türkmenistanda çalgy ýaglarynyň önümçiliginiň işjeň ösýändigini görmek bolýar. Lebap welaýatynda ýerleşýän Şir Ýag hususy kärhanasy hem bu ugurda öňdebaryjylaryň biridir.

Şir Ýag HK 2020-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýanyň täze açylandygyna garamazdan, ol öz barlaghanalaryny döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak we tejribeli hünärmenleriň goldawy arkaly eýýäm gözleg hem-de işläp taýýarlamak işlerini tamamlady. Bu bolsa Şir Ýag HK-na öz haryt nyşany astynda bellige alnan dürli görnüşli çalgy ýaglaryny şeýle zerurlygy bar bolan pudaklaryň ählisine hödürlemäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem Şir Ýag sargyt esasynda çalgy ýaglarynyň önümçiligini hödürleýär.

Türkmen öndürijisiniň hödürleýän harytlarynyň hatarynda 25 görnüşli önüm, şol sanda çalgy ýaglary bar:

- ýolagçy we ýeňil ulag serişdeleriniň hereketlendirijileri üçin; - uly göwrümli ýük göteriji täjirçilik ulaglary üçin; - dişli geçiriji we transmissiýa üçin; - oba hojalyk ulaglary üçin; - gidrawlik ulgam üçin; - senagat maksatly çalgy ýaglary.

Şir Ýag zawody 25000 inedördül metr meýdany eýeleýär, önümçilik kuwwaty bolsa günde 80 tonna we ýylda 20000 tonna deňdir.

Şir Ýag HK-nyň wekiliniň bellemegine görä, kärhananyň esasy maksady ýokary hilli önüm öndürmek arkaly ýurduň içerki bazarynyň daşyndan getirilýän çalgy ýaglaryna garaşlylygyny azaltmakdyr.

Şir Ýag tarapyndan öndürilýän çalgy baglarynyň hemmesi kompaniýanyň barlaghanasynda üns bilen synagdan geçirilýär. Önümleriň Türkmenistanyň döwlet standartlaryna (TDS), şeýle hem ASTM we DIN halkara standartlaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär.

Şir Ýag çalgy ýaglarynyň görnüşleri häzirki wagtda ýurduň ähli ýöriteleşdirilen dükanlarynda elýeterlidir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Şeýle-de okaň:

Wideo: Şir ýag: Siziň awtoulagyňyzyň hereketlendirijisiniň dogry işlemeginiň kepili

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýatynda Şir Ýag çalgy ýag zawody dabaraly açyldy
Berk menzil gurluşyk kärhanasy agrosenagat toplumyna zerur bolan önümleri öndürýär
Lebap sement zawodynyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär
03.09.2017 | Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna üýtgetmeler girizildi
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna käbir üýtgetmeler girizildi
Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda eksporta ugradylýan ýokary oktanly benzin çykarmak ýola goýuldy