Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri

Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri

Türkiye terrora garşy göreşini arakesmesiz ýagdaýda dowam etdirýär. Prezident Rejep Taýyp Erdogan serhet liniýasynda "terror guşagynyň" döredilmegine hiç wagt ýol berilmejekdigini ençeme gezek nygtasa-da, Ankara Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda yzygiderli operasiýa guraýar.

Esasan hem Yragyň demirgazygyndan başlap we Siriýany hem öz içine aljak ýagdaýda sebitde terror guramalaryndan saplanan howpsuzlyk zolagynyň döredilmegi iň möhüm maksatlarynyň hatarynda.

Terror guramasy PKK ABŞ-nyň goldawy bilen Siriýanyň demirgazygyndaky ençeme sebitde basyp alyşlygyny dowam etdirýär.

Siriýa, sebitdäki Eýran we Yrak ýaly ýurtlar bilen deňeşdirip bolmajak derejede bolmasa-da, uglewodorod serişdeleri taýdan baý ýurt.Siriýa režimi öz-özüne ýeterlik we hatda raýat urşundan öň eksport edilen çeşmelere, urşuň weýrançylykly täsiri we terrorçylyk guramalarynyň we ýurtda döwlete dahyly bolmaýan ýaragly guramalaryň sebitleýin agalygy sebäpli ähli energiýa çeşmelerinde diýen ýaly gözegçiligini ýitirdi. Ýewfrat derýasynyň golaýyndaky hasylly ekerançylyk ýerleri we gidroelektrik energiýa öndürýän bentler hem terror guramalarynyň gözegçiligine geçdi.

Siriýanyň çig nebit gorlary 2,5 milliard barrele barabar diýlip çaklanylýar. Bu bolsa, ýurdy ätiýaçlyklary iň köp bolan 32-nji ýurda öwürýär.

Siriýa içerki uruşdan ozal ýyllyk ortaça 9 milliard kub metr derejesinde tebigy gaz önümçilik kuwwatyna eýedi.

Resmi Damaskyň ýurtda raýat urşundan ozal bar bolan energiýa çeşmeleriniň we önümçilik kuwwatynyň köp bölegi 2013-2015-nji ýyllar aralygynda terror guramasy DAIŞ-iň eline geçipdi.

Terror guramasy DAIŞ ýurtda täsirli bolmaga başlan ýyly bolan 2013-nji ýylyň ortalaryndan başlap, energiýa ýataklary boýunça öňe gidişlik etmek startegiýasyna eýerdi.

DAIŞ Siriýanyň iň uly nebit we tebigy gaz gorlaryny öz içine alýan Deýrizzor bilen birlikde Rakka, Homs we Haseke welaýatlaryndaky nebit gorlarynyň gözegçiligini ele geçirdi.

2016-njy ýylda terror guramasy PKK/YPG ABŞ-nyň goldawy bilen bu sebitleriň köpüsini eýeledi.

SETA tarapyndan taýýarlanan "Siriýadaky tebigy baýlyklara garşy söweş" atly habarnama görä, terror guramasy PKK/YPG tarapyndan basylyp alnan sebitde ýerleşýän "Al-Omar sebiti" ýurduň eýeçiligindäki iň uly nebit ýatagydyr. Basyp alynan Deyrizor sebiti nebit ýataklaryna baý we ýurduň möhüm tebigy baýlyklary bolan sebitlerden biridir. Diňe Deýrizzoryň gündogaryndaky nebit ýataklary ýurduň ähli energiýa çeşmeleriniň 30 göteriminden gowragyny özünde jemleýär.

Şol habarnama görä terror guramasy PKK/YPG ýurduň ähli energiýa çeşmeleriniň dörtden üç bölegine öz gözegçiliginde saklaýandygy beýan edilýär. ABŞ hökümediniň goldawyna eýe bolan PKK/YPG bu ýataklardan takmynan 1,1 milliard dollar girdeji gazanandygy çaklanylýar.

Terror guramasy PKK/YPG we režim Hasekedäki nebit guýularyna bilelikde gözegçilik edýärler. Nebit önümçiliginiň dowam edýän Rümeýylan, Süweýdiýe we Karaçok ýataklaryndaky takmynan 350 kiçi guýudan her gün 30-35 müň barrel nebit çykarylýar.

Terror guramasy Siriýanyň iň uly tebigy gaz desgasy bolan Konokony hem öz gözegçiliginde saklaýar. Hasaplamalara görä bu sebitde her ýylda takmynan 1,4 milliard kub metr tebigy gaz öndürilýär.

Terror guramasy PKK / YPG ABŞ-nyň harby goldawy bilen ýurtda möhüm bentleri hem öz gözegçiliginde saklaýar.

Mahmut Gürer. TRT Habar kanalynyň redaktory

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"
22-nji martda anna güni Russiýada terrorçylykly hüjüm guraldy
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi