Siriýadaky Wagtlaýyn Hökümetiň Daşary Işler Ministri Iordaniýada Saparda Boldy

Siriýadaky Wagtlaýyn Hökümetiň Daşary Işler Ministri Iordaniýada Saparda Boldy

Siriýadaky wagtlaýyn hökümetiň Daşary işler ministri Esaad Hasan Şeýbani Iordaniýada saparda boldy.

Şeýbani paýtagt Omanda iordaniýaly kärdeşi Eýmen as Safedi bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Şeýbani agdarlan Baas ulgamynyň daşary syýasatynyň hemleler we howplar bilen dolydygyny nygtady.

Iordaniýa bilen ediljek hyzmatdaşlygyň uly özgerlişige sebäp bolup biljekdigini aýdan Şeýbani, Asad döwründen galan kynçylyklaryň ortadan aýryljakdygyny ýatlatdy.

Siriýanyň alyp barjak daşary syýasatynyň üýtgejekdigini aýdan Şeýbani, sanksiýalaryň siriýanyň halkyny nyşana alandygyny we dolulygyna ortadan aýrylmagyna garaşýandyklaryny belledi.

Iordaniýanyň daşary işler ministri Safedi bolsa Siriýanyň hökümetine goldaw berilmelidigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türk kärhanalar Eýrana, Yraga, Siriýa, Liwana we Iordaniýa ähli uçuşlaryny 6-njy marta çenli ýatyrdy
Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm gurady
“Arkadag” AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 bäsleşiginiň 1/16 final tapgyryna çykdy
Türkmen tennisçi gyzlar Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda iki altyn medala mynasyp boldular
Eýran Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän iň uly desgasyny nyşana aldy
Fidan: Eýranda režimi üýtgetmek baradaky çagyryşlar sebitde has howply ssenariýlere elter
Siriýa ABŞ-nyň Iordaniýa çekilmeginden soň Al Tanf bazasyny ele geçirdi