
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Terrorçylary haýyn maksatlaryna ýetmeden täsirsiz ýagdaýa getirmäge dowam edýäris. Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany we Parahatçylyk Çeşmesi sebitlerine hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy gahryman Komandos toparlarymyz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. Göreşimiz dowam edýär, mundan soň hem dowam eder" diýip habar berildi.