Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda 21 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda 21 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrora garşy göreş hem ýurduň öz içinde hem-de daşary ýurtlarda tutanýerlilik bilen dowam edýär.

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä soňky gezek bolsa Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan 21 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýanatda Türkiyäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýa bilen Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany we Zeýtun Şahasy sebitlerinde PKK/ÝPG-e agza 15 terrorçy bilen Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitinde PKK-a agza 1 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Milli Goranmak ministrliginden berilen başga bir beýanatda bolsa Yragyň demirgazygyndaky Awaşin sebitinde anyklanan PKK-a agza 5 terrorçynyň howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýanatda terrory gözbaşynda ýok etmek üçin arakesmesiz ýagdaýda geçirilýän operasiýalaryň erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etjekdigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe esgerleriniň Siriýanyň demirgazygyndan çekilendigi hakyndaky habarlary ret etdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Şiraz Ömer Siriýada Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi