Skopýede TRT Balkan Digital Habar Platformasynyň Tanyşdyrlyşy Boldy

Skopýede TRT Balkan Digital Habar Platformasynyň Tanyşdyrlyşy Boldy

Taryhy Skopýe bazarynda ýerleşýän Gurşunly kerwensaraýynda guralan çärä Türkiýäniň Skoiýadaky İlçisi Hasan Mehmet Sekizkök, TRT-niň Dolandyryjylar geňeşiniň Başlygy Ahmet Albaýrak, TRT-niň baş Müdiri Mehmed Zahid Sobajy, TRT-niň baş müdiriniň orunbasarlary, syýasatçylar, ýurtdaky türk edaradyr guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräde TRT Balkan tarapyndan taýýarlanan wideorolikler we interwýular gözkezildi.

TRT-niň baş Müdiri Sobajy tanyşdyrlyş çaresinde sözlän sözünde köňül geografiýasynda özbolyşly orun tutýan Rumeliýada, Zabtediji ogullaryň diýary Skopiýada bolmakdan bagtyýardygyny nygtap, Demirgazyk Makedoniýanyň başda durmagynda Balkan sebiti bilen Türkiýäniň güýçli gatnaşygynyň ähli zatdan ozal mizemez köňül gatnaşygyndan gözbaş alýandygyny nygtady.

TRT-niň Balkan ýurtlaryndaky etniki mozaikasynyň we medeni baýlygyň bir bölegini emele getirýän türkler üçin enewatandan bir ses, bir nepesdigini beýan eden Sobajy, TRT-ä bolan bu gyzyklanma degerli ähmiýeti bermek üçin ellerinden geleni edýändiklerini aýtdy.

TRT Habar, TRT Awaz we TRT Türk ýaly teleýaýlymlar arkaly sebitden habarlary ekranlara çykarmagyň ýany bilen Balkanlara mahsus dokumental filmleri, syýahatçylyk gepleşiklerini, seriallary, kino-filmleri we beýleki kontentleri dünýäniň dykgatyna ýetirýändiklerini gürrüň beren Sobajy: “Türkiýäniň sebitde gepleşilýän diller bilen bilelikde alyp barýan ýaýlymlaryny TRT Balkan digital habar platformamyzy goşup, hasam giňeldýäris.

Geçen gepde Ankarada bolan açylyş bilen TRT Balkan digital habar platformamyz ýaýlyma başlady.TRT Balkan bilen aramyzdaki gatnaşyklaryň hasam güýçlenjekdigine we sebitde žurnalistika boýunça täzeçil çemeleşme getirjekdigine ynanýaryn” diýdi.

Sebitiň halkyny we sebiti gyzyklandyrýan meselelere global derejede orun bermek maksady bilen açylan täze digital habar plaformasy TRT Balkan Makedon, alban, boşnýak, horwat we serp dillerinde ýaýlym berer.

Ýene degişli makalalar

TCG ANADOLU SAHA 2026 GORANYŞ SERGISINDE TANYŞDYRYLDY
Günüň möhüm habarlary|06.05.2026
Gazalylar Bütindünýä Sumud flotilýasyna goldaw beren türk halkyna minnetdarlyk bildirdiler.
YSRAÝYL LIWANYŇ GÜNORTASYNY FOSFORLY OK-DÄRILER BILEN BOMBALADY
Ben-Gwir palestinalylara üçin diýip aýdan halkaly ýüp bilen baglanşykly wideo paýlaşdy
SAÝLAWLARDAN SOŇ, GÜNBATAR BENGALDA MUSULMANLARA DEGIŞLI ÖÝLERE WE IŞ ÝERLERINE ZEPER ÝETIRILDI
Ysraýyl Gaza guran howa hüjüminde azyndan üç palestinalyny öldürdi