Slowakiýanyň täze Premýer-ministri

30-njy sentýabrda Slowakiýada geçirilen parlament saýlawlarynda saýlawçylaryň 23,42%-iniň goldawy bilen ýeňiş gazanan “Sosial demokratiýa ugry” partiýasynyň başlygy Robert Fiso ýurduň Premýer-ministri wezipesine bellendi. Respublikanyň Prezidenti Zuzana Çaputowa, Robert Fisonyň ýolbaşçylygyndaky Slowakiýanyň täze hökümetini tassyklady. Bratislawadaky Prezident köşgünde Ministrler Kabinetiniň täze agzalaryny bellemek dabarasy geçirildi.

Syýasatçy ýene iki partiýa – “Ses – sosial demokratiýa” we Slowakiýanyň milli partiýasy bilen koalisiýa şertnamasynyň netijesinde, Slowakiýada täze hökümet gurmak hukugyny gazandy. 2006-2010-njy ýylalrda we 2012-2018-nji ýyllarda Premýer-ministr bolup işlän Fiso, Premýer-ministr Eduard Heger işinden çekilenden soň 2023-nji ýylyň 15-nji maýyndan bäri ýurduň wagtlaýyn hökümetine ýolbaşçylyk edýän Lýudowit Odoryň ornuna geçdi.

Robert Fiso 1964-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Çehoslowakiýanyň Topolçani şäherinde (1993-nji ýyldan bäri Slowakiýa Respublikasy) dünýä indi.Ol 1986-njy ýylda Bratislawadaky Komensk uniwersitetiniň hukuk fakultetini, 1992-nji ýylda Slowakiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Döwlet we hukuk institutynda aspiranturany tamamlady.

Hukuk ylymlarynyň doktory, jenaýat hukugy boýunça hünärmen.Fiko döwlet we hukuk meseleleri boýunça kitaplaryň we makalalaryň awtorydyr.Ol çeh, Iňlis we rus dillerini bilýär.

Slowakiýa Respublikasy – Merkezi Ýewropada ýerleşýän döwlet bolup, ilaty 5 million 455 müň adama deňdir. Paýtagty Bratislawa. Ýurt 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda garaşsyzlygyna eýe boldy.

Iki gezek Slowakiýanyň Premýer-ministri bolup işlän Fiso diňe ýurduň bähbidine işleýändigini belläp, Sosial-demokratlaryň Bratislawanyň Ýewropa Bileleşigine agzalygyny makullaýandygyny aýtdy. Şeýle hem Slowakiýanyň metbugaty “Sosial demokratiýa ugry” partiýasynyň häkimiýete gaýdyp gelmeginiň Slowakiýanyň syýasatynda düýpli üýtgeşmelere sebäp bolup biljekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Türkmen döwlet uniwersiteti Slowakiýanyň Tehnologiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Öňünden çykany ýeňýär