Smorodinanyň saglyga peýdasy

Orta gyrymsy agaçlaryň biri bolan smorodina gülli ösümlikleriň ribesler görnüşine degişlidir. Adatça yssy howany halaýan bu ösümlik demirgazyk ýarym şarda hem ösdürilip ýetişdirilýär. Smorodinanyň miwesiniň 4 dürli gara, ak, gyzyl we gülgüne görnüşi bar. Ýokumly miweleriň biri bolan smorodina C, E, magniý, fosfor we kaliý ýaly witaminlere we minerallara baýdyr. Smorodinanyň saglyga peýdasy uludyr.

Immuniteti ýokarlandyrýar. Smorodina antioksidanta baý miweleriň biri bolup, immuniteti güýçlendirýär. Wiruslara we ýokançlyklara garşy göreşmäge ýardam edýär. Şeýle hem hroniki keselleriň öňüni almakda peýdalydyr.

Deri üçin peýdaly. Smorodinadaky C witamini deri üçin peýdaly bolup, E witamini bilen bilelikde deriniň zeperlenmeginiň öňüni alýar. Şeýle hem deridäki ýaralary bejermäge we yzlary aýyrmaga ýardam edýär. C witamini kollageni güýçlendirýändigi sebäpli deriniň garramagynyň hem öňüni alýar. 100 gram smorodinada 181 milligram C witamini bar.

Beýniniň işjeňligini gowulandyrýar. Smorodina bedeni nerw-damar geçirijiligi üçin zerur bolan magneziýa bilen üpjün edýär. Bu bolsa alada etmegiň, migreniň we insultyň öňüni alýar.

Ýürek-damar üçin peýdaly. Smorodina gan basyşyny peseltmäge kömek edýän kaliý we gamma-linolen turşusyny özünde saklaýar. Gan basyşy bilen bagly howplaryň öňüni almak bilen bir hatarda, gan damarlarynda trombositleriň ýygnanmagyny haýalladýar. Şeýlelikde, gan aýlanyşyny we gan basyşyny kadaly derejede saklamak bilen ýürek-damar ulgamyny goraýar.

Bulardan başga-da, smorodina çiş keselleri bilen bagly töwekgelçikleri azaltmaga ýardam edýär. Bu miwe öýken üçin hem peýdaly bolup, demgysmadan ejir çekýänlere smorodina iýmek maslahat berilýär. Smorodina ýadawlygy aýyrmakda, şeýle-de gözüň görşüni gowulandyrmakda hem peýdalydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmen atlary döwlet birleşigi ýokary we ýörite orta bilimli hünärmenleri işe çagyrýar
Germaniýada Kovid-19 Epidemiýasy Agyrlaşýar
Kanpurda 89 Adamda Ziku Wirusynyň Bardygy Anyklandy
Aşgabat COVID-19-yň nobatdaky tolkunyna garaşýar. Lukmanlar medisina işgärleriniň ýetmezçilik etjekdigini duýdurýar
KESELLERDEN NÄHILI GORANMALY?
Saglyk pudagyndaky gözgyny ýagdaýyň’ fonunda Türkmenistan saglyk işgärleriniň gününi belleýär