SOCAR “OGT 2023” halkara maslahatynyň we sergisiniň premýer hyzmatdaşy boldy

SOCAR “OGT 2023” halkara maslahatynyň we sergisiniň premýer hyzmatdaşy boldy

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023” atly XXVIII Halkara maslahatynyň we sergisiniň premýer hyzmatdaşy boldy.

SOCAR kompaniýasy 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Şweýsariýada bellige alnyp, ol Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) söwda boýunça düzüm birligidir. Azerbaýjan nebitiniň söwdasyny amala aşyrmak maksady bilen esaslandyrylan kompaniýa döredilen gününden bäri, halkara bazarynda eýeleýän ornuny görnetin giňeltdi.

SOCAR logistiki işi we nebitiň söwdasyny ýerine ýetirmekde üstünliklere eýe boldy. Kompaniýa nebit çig malynyň söwdasyny amala aşyrmakda döwlet kärhanasyna şol bir wagtda hem garaşsyz kompaniýa mahsus bähbitleri özünde jemleýän aýratynlygy bilen-de aýratyn tapawutlanýar.

SOCAR dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, söwda akymlaryny kemala getirmekde dürli desgalaryň taslamalaryna maýa goýdy.Kompaniýa nebit we suwuklandyrylan gazyň ýeňil mukdardaky söwdasynyň möçberini artdyrmagyň hasabyna bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýär.

Kompaniýa şeýle hem azerbaýjan nebitiniň Günbatar ugry boýunça (WREP) Gruziýa, Baku Tbilisi Jeýhan (BTC) ugry boýunça Türkiýä, Baku Noworossiýsk ugry boýunça hem Russiýa iberilmegini amala aşyrýar.

SOCAR Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda “Dostluk” uglewodorod ýatagynda bilelikde barlag geçirmek we ony özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşylandan soň, iki ýurduň arasynda yzygiderli artýan söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýändigini belleýär.

“Dostluk” käniniň özleşdirilmegi tebigy gazyň günbatara iberilmegi üçin ýurduň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Bu käniň nebit gorlary 60 million tonna, tebigy gaz gory hem 100 milliard kub metr möçberde hasaplanylýar.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2023) atly halkara maslahaty we sergisi “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Söwda-senagat edarasy, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşykda, “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardamy bilen guralýar.

Bu halkara çäresi geljekde metan gazynyň zyňyndylaryny nol derejä getirmek ugrunda netjeli çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak üçin milli nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, iri energetika kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlär.

“OGT 2023” halkara maslahatynyň umumy mejlisinde Yragyň elektroenergetika ministri Zeýad Ali Fadel, “ADNOC” kompaniýasynyň az uglerod boýunça çözgütler we halkara ösüş boýunça ýerine ýetiriji direktory Musabbeh Al Kaabi, CNPC kompaniýasynyň prezidenti Hou Siszýun, SOCAR kompaniýasynyň prezidenti Rowşan Najaf ýaly ýokary derejeli wekiller çykyş ederler.

Maslahatyň mejlislerinde bolsa, Nebitçiler we inženerler jemgyýetiniň prezidenti Medhat M.Kamal, “Baker Hughes” kompaniýasynyň Hazar sebiti boýunça wise-prezidenti Ýelena Akolsewa, BAE-de geçiriljek “COP28” forumynyň energetika geçiş boýunça bölüminiň baş ýolbaşçysy Saamir Elşihabi, “SLB” kompaniýasynyň ählumumy işewürligi ösdürmek boýunça direktory Marwa Hassan, Täjigistanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň orunbasary Şarifa Hudobahş we beýlekiler çykyş ederler.

Çäre barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
“Eni Turkmenistan Limited” “OGT 2023” forumynyň bürünç hyzmatdaşy boldy
Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly 32 million tonna türkmen nebiti eksport edildi
SOCAR kompaniýasy Türkmenistanda wekilhana açmak boýunça gepleşik geçirýär
Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023 atly halkara maslahat 27-nji oktýabra çenli dowam eder
Aşgabatda OGT 2022 halkara nebitgaz forumy geçiriler