Sörfing edýän türgen näme üçin çümmeýär?

Iň gyzykly sport bäsleşikleriniň biri bolan sörfing ussatlyk we tejribe talap edýär.Deňizde güýçli tolkun we ýel bolan wagty ýerine ýetirilýän sportuň bu görnüşinde türgen belli ölçegde ýasalan tagta böleginiň üstünde tolkunyň güýji bilen kenara tarap batly tizlik bilen gaýdýar. Ýeliň we tolkunyň ýok wagty tagtanyň üstünde gaýygyň güýji bilen hem hereket edilýär.

Bu güýmenje dürli ýaşdaky adamlar tarapyndan ýerine ýetirilip, gaýyk tarapyndan çekilýän adamyň aýagynda bir tagta bolýar.Suwuň ýüzünde taýýan adam deňagramlylygyny saklamak üçin aýagynyň aşagynda giň, emma boýy kelte tagtanyň öň tarapyny çalaja ýokary galdyrmaly bolýar. Şeýle hem gaýyga baglanan ýüpüň ujundan tutup, bedeniňi birneme arkan ýatyrmaly bolýar.

Suwuň ýüzünde taýýan adam sagatdaky tizligi 50 kilometre barabar bolan gaýyga baglanan, uzynlygy 20 metre barabar bolan üç sany ýüpe mäkäm ýapyşýar.Muňa garamazdan, ýykylmazlyk üçin çalasynlyk bilen göwresini saga-çepe gyşardyp, deňagramlylygyny saklamaly bolýar.

Gaýygyň tizligi sagatda 35 kilometrden aşak düşse suwda taýýan adam ýykylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşyda dynç alýanlaryň ençemesi myhmanhanalary terk etmäge mejbur edildi
Suwsuz deňiz. Türkmenistanyň kaşaň dynç alyş zolagyndan suw çekilýär
Antalýa Gelen Syýahatçylaryň Sany 10 Milliondan Geçdi
Eýran, Hazar Deňizinde Harby Türgenleşik Geçirdi
Türkmenistanda “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Näme üçin deňiz balykçylary tutan balyklaryny iýmeýärler?
Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”