Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçiriler

14-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, maliýe we bank ulgamlarynda, energetika, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalyk, daşky gurşawy goramak pudaklarynda, bilim, medeniýet, ýaşlar, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Katar Döwleti bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi baradaky beýan edilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar mejlisi geçiriler
Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Aşgabatda türkmen-tatar iş toparynyň mejlisi geçiriler
Türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk görülýär