Şols, Ukraina Taurus ganatly raketalaryny ibermezlik kararyna ygrarly galýandygyny beýan etdi

Şols, Ukraina Taurus ganatly raketalaryny ibermezlik kararyna ygrarly galýandygyny beýan etdi

Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şols G20 Sammiti üçin baran Braziliýada metbugat ýygnanyny geçirdi.

Ukraina Taurus raketalarynyň iberilip-iberilmezligi bilen bagly soraga Şols: "Men bu ganatly raketalary ibermerin diýen kararyma ygrarly galýandygymy anyk aýtmak isleýärin. Emma şol bir wagtyň özünde, Ukrainany ýalňyz goýmajakdygymyza, gaýtam tersine Ýewropada ozal görülip-eşidilmedik derejede goldajakdygymyz baradaky kararymda hem ygrarlydyryn" diýip belledi.

Olaf Şols Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin bilen geçiren duşuşygy barada bolsa, Demirgazyk Koreýaly esgerleriň Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunda peýdalanylmagyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi.

Demirgazyk Koreýaly esgerleriň Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunda peýdalanylmagyna ýol berilmeli däldigini aýdan Şols: "Meniň pikirimçe, bu dowam etmegine rugsat berilmeli däl, dartgynlygy artdyrýan bir meseledir. Şonuň üçin Aziýany hem goşmak bilen, hemmeleriň alada etmeli meselesidigine ynanýaryn. Men muny örän anyk mesele ýagdaýyna öwürdim we örän güýçli ýagdaýda nygtap geçdim" diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Haýsy ŞHG döwletleri türkmen gazyny satyn alýar?
ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär
Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady
Waşington sammitinde Tramp bilen Merkezi Aziýa ýurtlary möhüm minerallar boýunça ylalaşyga geldi
Minerallar diplomatiýasy’. Tramp Merkezi Aziýa liderleri bilen ýokary derejeli sammiti geçirýär
Peruda APEC-iň sammiti geçirildi